Medeni diplomatiýa täzeçe röwüşde rowaçlanýar

Merdana türkmen halkymyzyň umumadamzat medeniýetiniň baýlaşmagyna uly goşant goşan hem-de bütindünýä mirasynyň sanawynda mynasyp orun alan maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, belent ynsanperwer ýörelgelerimiz asyrlaryň dowamynda ösdürilip, kämilleşdirilip gelinýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde BMG-niň ÝUNESKO guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk barha pugtalandyrylýar. Milli mirasymyzy, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän we bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak we dünýä ýaýmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan döwletimiziň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna hem-de bu guramanyň beýleki köp sanly resminamalaryna goşulmagy, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Konwensiýasyny tassyklamagy Milletler Bileleşiginiň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşant goşmakda maksada gönükdirilen işleriň barha kämilleşdirilýändigine şaýatlyk edýär. Häzirki güne çenli Türkmenistan birnäçe möhüm ugurlarda ÝUNESKO-nyň 12 sany Konwensiýasyny tassyklady. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň aýratyn medeni, taryhy we ekologik ähmiýeti bolan tebigy hem-de beýleki ýadygärlikleriň goralyp saklanmagyna, wagyz edilmegine gönükdirilen “Dünýä mirasy” atly maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär. Bu ugurda geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlaryň, halkara forumlaryň esasy maksady bu ugra dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden, medeni diplomatiýany ösdürmekden ybaratdyr. Şöhratly geçmişimiziň ýadygärlikleri bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk bolmak bilen, halkymyzyň ruhy we taryhy tejribesini, türkmen döwletliliginiň möhüm döwürlerini görkezýär. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň medeni mirasyna degişli desgalaryň dünýä ýüzünde örän wajyp ähmiýetli gymmatlyklar hökmünde ykrar edilendigini doly tassyklaýar.

Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan şan-şöhratly türkmen medeniýeti adamzadyň geçmişine içgin hem ylmy jähtden göz aýlamaga, halklaryň, medeniýetleriň özara gatnaşygyna düşünmäge hem-de olary ösdürmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň çägindäki gadymy medeniýetleriň tapyndylary, taryhy galalar, ýadygärlikler toplumlary Türkmenistan ýurdumyzyň ösen ylym-bilimi, medeniýetidir sungaty özünde jemleýän gadymy mekan bolandygyny doly subut edýär. Dünýä medeniýetiniň, tutuş adamzadyň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-medeni, tebigy gymmatlyklary geljek nesiller üçin gorap saklamak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylmagy möhüm ugur. Şeýle işler medeni ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmäge, milli gymmatlyklary wagyz etmäge, ählumumy abadançylygy üpjün edýän medeni-ynsanperwer dialogy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işlere badalga bolup çykyş edýär.

Atamyrat HUDAÝAROW,

Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar
sungat mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok