Elon Musk – Dünýäni Marsa göçürmek isleýär!

XXI asyryň iň täsin adamlaryndan biri Elon Musk, akyla gelmejek taslamalary bilen dünýäni yzygiderli haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Telekeçi ýakynda “SpaceX” tarapyndan geçirilen kiçi çärede Mars baradaky meýilnamalary barada gürrüň berdi.

Marsyň Ýer ýaly ýaşap boljak planetadygyny pikir edýän Musk, bu işde ähli zerur maglumatlary paýlaşdy. Musk ýaşaýyş üçin iň gowy planeta diýip hasap edýän Marsa iň azyndan 1 million adamy ibermek isleýär.

Muskyň pikiriçe, bu derrew bolmaz we bu iş çynlakaý sabyr we zähmet talap edýär. Sebäbi Mars planetasyny ýaşaýyş üçin ýaramly ýagdaýa getirmek üçin 20 ýyldan gowrak wagt gerek. Şeýle-de bolsa, Musk adamlaryň Marsda ýaşaýyşy üçin zerur materiallaryň “Starship 3” kosmiki gämisi bilen daşaljakdygyny belledi.

“SpaceX”-iň habaryna görä, “Starship 3” ulagy öňki modeller bilen deňeşdirilende has gymmat we şol bir wagtyň özünde käbir böleklerini Marsda gaýtadan ulanyp bolýar. Şeýle-de bolsa, Elon Musk Marsa gidýänleriň köpüsiniň Ýere dolanmak islemejekdigi ýaly aşa ynamly sözleri aýtdy.

Marsa syýahat wagtyň geçmegi bilen has tygşytly bolmagy meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, kompaniýanyň meýilnamalaryna laýyklykda bu syýahatlar iki ýyldan bir gezek geçiriler.

Şagözel ATAJANOWA,

Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok