TGM-niň Merkezi serkerdeler öýünde aýdym-sazly maslahat geçirildi

1-nji martda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçy düzümleri, serkerdelerdir harby gullukçylar, esgerler, harby talyplar hem-de okuwçylar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş eden ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Milli Liderimiziň 2024-nji ýylda ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim we medeni taýdan ösdürmek bilen bagly örän möhüm wezipeleri öňde goýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Täze taryhy eýýamda eziz Diýarymyzyň eşretli şu gününi hem-de aýdyň geljegini dabaralandyrmakda öňde goýlan şeýle wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda wajyp bolup durýandygyny bellediler.

Maslahatyň dowamynda buýsançly aýdym-sazlara hem orun berildi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller», Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Watançy», Döwlet serhet gullugynyň «Serhet owazlary» aýdym-saz toparlarynyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň harby gullukçylarynyň ýerine ýetiren hoş owazly aýdym-sazlary Watan goragçylarynyň kalbynda Watana bolan beýik söýgini belende göterdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok