Türkmen aýdymçy-sazandasy “Rossiýa 1” teleýaýlymynda çykyş etdi

Ylýas Paşa ady bilen hem tanalýan türkmen aýdymçy-sazandasy Ylýas Rejepow “Rossiýa 1” teleýaýlymynda ýaýlyma goýberilýän “Ýürekden aýdylan aýdymlar” (“Песни от всей души”) gepleşiginde çykyş etdi.

Andreý Malahow gepleşigiň ýekşenbe günündäki sanyna türkmen sungat ussadyny çagyrdy we onuň ömri, döredijiligi, şahsy hem-de sungat durmuşy, ömründe gabat gelen zehinli adamlary barada gyzykly gürrüňleri etdiler.

Ylýas Rejepow Moskwa öz aýdymlary bilen geldi. Onuň Waleriýa Ýasenkonyň “Ýyllar, sizi nähili saklap bolar” (“Годы, как вас задержать”) atly goşgusyna döreden aýdymy bu ýerdäki we teleýaýlymdaky tomaşaçylarda aýatyn täsirleri galdyrdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Ylýas Rejepow bir wagtlar meşhur bolan “Güneş” toparynyň baş aýdymçysy hökmünde Sowet Soýuzynyň hemme ýerine aýlanypdy. Ol şol döwürler “Jemile” atly belli aýdymy çykarypdy. Ylýas Rejepow bu aýdymy öz topary bilen şol wagtlar giňden tomaşa edilýän “Irdenki poçta” (“Утренняя почта”) gepleşiginde 1989-njy ýylda çykyş edipdi.

Gepleşigiň dowamynda “Dünýäniň iň gözel şäheri” ady bilen Aşgabadyň durmuşyny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Türkmen aýdymçysynyň agtyklary bilen ýerine ýetiren “Bella çao” italýan aýdymyndan soň, “Meniň salgym öý we ýa köçe salgysy däl, ol Sowet Soýuzy…” (“Мой адрес не дом и не улица, мой адрес Советский союз…”) atly aýdym tomaşaçylaryň şowhunyna eýe boldy.

Gülhumaý ÖWEZBERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok