Aşgabatda “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkezi açyldy

18-nji fewralda, ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramçylygy bolan Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkezi açyldy. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistandaky daşary ýurtlaryň ilçileri, halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary, ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek we dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak maksady bilen, açylan “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkezi protokol işleri boýunça diňleýjilere okuwlar guralar.

Merkezde okuw 2024-nji ýylyň 1-nji martynda başlar. 2 sagat dowam etjek sapaklar önümçilige päsgelçiliksiz geçiriler. Iki aýlyk umumy okuw 120 sagatlyk sapak üçin niýetlenendir.

Okuw merkezinde diplomatik gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýän protokol işiniň ähmiýeti düşündiriler. Bu merkez halkara gatnaşyklarda Türkmenistanyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek we dünýä ülňülerine laýyklykda, ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak babatda möhüm orun degişli bolar.

Ejemähri ESENOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok