Sankt-Peterburg şäheriniň taryhy merkezinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagyna taýýarlyk görülýär. Bu ýadygärligiň açylmagy beýik türkmen şahyry, Gündogaryň görnükli akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça şu ýylda göz öňünde tutulan medeni maksatnamanyň düzüminde halkara derejede möhüm wakalaryň biri bolar.
Mundan daşary, Russiýanyň dürli şäherlerinde, hususan-da, Moskwada, Kazanda, Astrahanda we Woronežde halkara ylmy maslahatlary we tegelek stollary guramak meýilleşdirilýär.
Şeýle wakalaryň hatarynda 17-18-nji maýda geçiriljek Medeniýet ministrleriniň halkara maslahatyny, 11-nji oktýabrda geçiriljek Döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyny görkezmek bolar. Aşgabatda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň uly ölçegli ajaýyp ýadygärliginiň we adamzadyň dünýä ruhy hazynasyna goşant goşan daşary ýurt şahyrlarynyň we akyldarlarynyň ýadygärlik toplumynyň açylmagy şu ýylyň möhüm wakasy bolar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik wekilhanasy geçen hepdede Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji kitaby bolan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Duşuşykda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda türkmen poeziýasynyň nusgawy şahyry, pelsepeçi we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini döwlet we halkara derejesinde mynasyp belläp geçmek babatynda ýaýbaňlandyrlan we amala aşyrylýan giň göwrümli işlere aýratyn üns berildi.
Aýna ATAGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler