Talyplaryň arasynda «CyberQuest» atly intellektual IT-bäsleşigi geçirilýär!

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplaryny «CyberQuest» atly intellektual IT-bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

IT-bäsleşikleri sanly tehnologiýalar ulgamynda giň bilimleri we başarnyklary ele alan hem-de bu ugurda çuňňur pikirlenmäge eýe bolan we häzirki döwrüň «sanly dünýäsinde» erkin ugur alyp bilýän talyplaryň arasynda geçirilýär. 

Bäsleşik 18-19-njy martda institutda toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde geçiriler. Ýurdumyzyň her ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden üç adamdan ybarat bir topar gatnaşyp bilýär.

 «CyberQuest» intellektual bäsleşigine gatnaşmak we IT-ulgamda öňde goýlan wezipelere hötde gelmekde öz bilimlerini we başarnyklaryny görkezmek isleýänler gatnaşmak üçin 1-nji marta çenli tdbgi.hakaton@gmail.com. elektron salgy boýunça çäräniň guramaçylyk toparyna haýyşnamalaryny ibermelidirler.

Talyplary ylmy işlere höweslendirmek, ýokary derejeli hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ulanyp we sanly çözgütleri döredip bilýän, giňden pikirlenmegi we çylşyrymly wezipeleri özbaşdak çözmegi başarýan ukyply, zehinli, işjeň ýaşlary terbiýelemek bäsleşigi guramagyň esasy maksatlarydyr.

Şeýle hem bäsleşik Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça meýilnama laýyklykda geçirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok