Redaksiýanyň Täze ýyl gutlagy:

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji luw ýyly hem ýetip geldi. Tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda amala aşyrylan beýik işler bosagadan ätlejek 2024-nji ýylda täze-täze üstünliklere badalga bolsun!

Baky bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen Türkmenistan döwletimizde şadyýan çagalaryň şirin owazlary belentden ýaňlansyn! Döwletli ojaklaryňyza gadam basjak bolup duran täze gelin ýaly Täze ýylyňyz gutly bolsun! Döwletli-düşümli, ogully-gyzly, duzly-çörekli bolsun! Täze ýyl size saglyk, rysgal-döwlet, bagt eçilsin!

2024-nji ýyl törüňizden we ömrüňizden orun tapsyn!

 «In Ashgabat» redaksiýasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok