Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirlendir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär, oba hojalyk pudagy toplumlaýyn sanlylaşdyrylýar. Şeýle-de döwletimiz ekerançylaryň bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin ähli şertleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ýylyň ähli paslynda ekologiýa taýdan arassa, ýokumly ter gök önümler bilen üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, döwrebap tilsimatlar arkaly agrosenagat toplumynyň kämil düzümini emele getirmek, tarp ýerleri özleşdirmek, şeýle-de oba ýerlerinde iş orunlaryny döretmek babatdaky tagallalaryndan ugur alnyp gurlan we bu gün üstünlikli işleri alyp barýan döwrebap ýyladyşhana toplumynda dürli gök önümleri ýetişdirmäge mümkinçilik bar.
Ýyladyşhanalar, sözüň doly manysynda, bolçulygyň çeşmesidir. Gujur-gaýrat siňdirilip, çekilen päk zähmet maşgala ojagyna rysgal-döwlet getirýär, bereket eçilýär. Agrotehniki çäreleriň öz wagtynda talabalaýyk geçirilmegi, ekinlere edilýän yzygiderli ideg, çekilýän yhlasly zähmet ýyladyşhanada ýetişdirilýän ekiniň ýokary hasyllylygyny üpjün edýär.
Goý, Arkadagly döwrümizde sahawatly türkmen topragynda ýetişdirilýän ýokuma baý gök-bakja önümlerimiz her bir maşgala saçagyna bereket goşsun, şeýle eşretli döwre ýetiren, halkymyzy bolelin durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlary rowaç alsyn!
Mekan DURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler