Hormatly Prezidentimiziň iş sapary üstünlikli tamamlandy

Bilşimiz ýaly, 19-njy sentýabrda  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolup,  BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.

TDH-nyň habar bermegine görä, saparda Döwlet Baştutanymyz BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen gadyrly duşuşyp , BMG – nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň mejlisinde häzirki wagtda parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi pugtalandyrmakda, şeýle hem ekologiýa meselelerini çözmekde Türkmenistanyň garaýyşlaryny we başlangyçlary beýan  etmek bilen ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi.

Şeýle-de saparyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow  “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna hem  gatnaşdy.

Mundan başgada-da hormatly Prezidentimiz ýurt ähmiýetli meseleler babatda Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) başlygy Şarl Mişel we Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala  bilen hem duşuşyk geçirdi. Şeýlelik-de ýurt baştutanymyz Nýu -Ýorkda saparda bolmagynyň çäginde “Metropoliten” sungat muzeýinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasy mynasybetli ABŞ-nyň Prezidentiniň adyndan guralan resmi kabul edişligi  hem-de Nýu-Ýorka iş saparynyň maksatnamasy üstünlikli  tamamlanandan soň 21-nji sentýabrda  ýurdumyza geldi.

Umumy pikire görä, şu döwlet saparynyň netijeleri dünýä döwletlerini jebisleşdirimäge,  global meseleleri birlikde çözüp, dünýä  ýüzünde emele gelýän howpsuzlygyň öňüni almaga, şeýle-de  döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen wajyp ähmiýetli duşuşyklaryň biri boldy.

Şirin HANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

                                                                                         

                                                                             

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok