Döwrebap bilim özgertmeleri – aýdyň geljegimiz

Halkymyz «Ylymly il ozar» diýen pähime öňden eýeripdir. Türkmen halkyna döretmek,gurmak ýaraşýar. Ençeme wagtdan bäri halkymyz döretmek, gurmak babatda baý tejribe jemläp, dünýä ýüzünde giňden tanalypdyr. Türkmen halky geçmişde 70 den gowrak döwlet guran diýilýär. Şol sebäpden, türkmenleriň geçmişde döreden şöhratly döwletlerinde ylym-bilimiň ösdürilmegine aýratyn üns berlip, hiç wagt bu ugurda serişde aýalmandyr. Şöhratly pederlerimiz şeýle döwletli ýol-ýörelgeleri häzirki günde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesidir aýtmak bolar.

Täze okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 10-synda täze taýýarlyk ugurlarydyr hünärleriň 35-si girizildi. Şolar bilen birlikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem maglumat howpsuzlygy ugry boýunça bakalawr, binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärleri boýunça hünärmen maksatnamasy esasynda bilim berlip başlandy.

Bilimler we talyp ýaşlar gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçen täsirli pikirlere ýugrulan umumy sapagy-da bilim ulgamyna berilýän çäksiz ünsüň aýdyň nyşanydyr.

Munuň özi döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň ýaşlaryna dünýä derejesinde bilim bermek babatda täze gözýetimleriň açylýandygyndan habar berýär.

Bilim ulgamyndaky şeýle özgertmeleriň hataryna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, şeýle hem Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüniň tutulmagy ylym-bilimulgamyna has hem uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu işler ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygynyň, ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hiliniň hem mazmunynyň has-da kämilleşdirilýändiginiň mysalydyr.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 2023-2024-nji täze okuw ýyly taryhy wakalar bilen utgaşykly boldy. Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda täze bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy, diýarymyzyň welaýatlarynda täze orta mekdepleriň açylyp ulanylmaga berilmegi, ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň sanawyna goşulan orta mekdeplere güwänamalaryň gowşurylmagy halkymyza, bilim ulgamynda iş alyp barýan işgärlere ajaýyp sowgat boldy.

Biz ýaşlara bilim almaga şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza sag bolsun aýtýarys, goý olaryň janlary sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.

Gülaýym KARAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň ýewropa fakultetiniň
IV ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok