Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstümizdäki ýylynyň möhüm çäresiniň biri bolan ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy dowam edýär. Ýurt boýunça geçirilýän bu çäre halkymyzyň maşgala abadançylygyny, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Hut şonuň üçinem oňa hemmeleriň işjeň gatnaşmagy wajyp wezipedir. Häzirki wagtda dowam edýän ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygam ýollarymyzyň ak, maşgalalarymyzyň abadan bolmagyna ömrümiziň rahatlygyna gönükdirilendir.
Döwrebap obalarymyzyň, şäherçelerimiziň, şäherlerimiziň aýna ýaly tekiz hem ak ýollarynda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz edýän, ýol hereketine her bir gatnaşyjynyň öz howpsuzlygyna bolan şahsy jogapkärçiligini artdyrýan biraýlygyň çuň mazmunly çäreleriniň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtamak gerek.
Howpsuz hereket rahat ömürdir. Şonuň üçinem ýol hereketiniň kadalary hemişe berk berjaý edilmelidir. Munuň üçin sürüjilerem, pyýadalaram deň derejede özleriniň jogapkärçiligini duýmalydyrlar, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge işjeň gatnaşmalydyrlar. Bu ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almagyň ilkinji we esasy şertidir.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde döwrebap şertleri döredip berýän, ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň sagdyn hem-de bagtyýar durmuşy barada uly aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, alyp barýan döwletli işleri üstünliklere beslensin!
Sähet ÝAKUBOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler