Halkara Demokratiýa güni Birleşen Milletler guramasy tarapyndan 2007-nji ýylda döredildi we her ýylyň 15-nji sentýabrynda giňden bellenilip geçirilýär. Bu sene, 2008-nji ýylda bellenen Täze we dikeldilen 1-nji Halkara Konferensiýanyň 20 ýyllygyna gabat gelýär. Müňýyllyk jarnamada dünýä liderleri demokratiýany ösdürmek we kanunyň hökmürowanlygyny güýçlendirmek, adam hukuklaryna we esasy azatlyklara hormat goýmak üçin gaýrat etjekdiklerine söz berdiler.
Halkara demokratiýa güni dünýädäki demokratik ýagdaýlara üns berilmegi we ol ýagdaýlary öwrenmek maksady bilen bellenilip geçirilýär. Demokratiýa diňe bir maksat däl, eýsem bir prosesdir we diňe ony halkara goldawlar, jemgyýetçiligiň we aýry- aýry raýatlaryň, döwlet edaralarynyň, halkara toparlaryň gatnaşmagynda demokratiýany dünýäniň dürli künjeklerinde durmuşa geçirip bolar.
Halkara bu baýramçylyk, ähli ýurtlaryň, jemgyýetleriň ünsüni, halkyň dünýäni dolandyrmakdaky hereketlerine çekmek üçin döredildi. Dünýädäki döwletleriň syýasy ulgamyny gurmak üçin köp ýyl gerek boldy. Bu döwürde halk syýasy resminamalara tabyn bolup, hökümetiň we guramanyň dürli usullaryny başdan geçirdi. ÝUNESKO-nyň baş müdiri Odre Azoul özüniň çykyşynda: ,,Halkara demokratiýa güninde syýasy gurama ýörelgesinden başga hem ähliumumy adamzat idealy barada gürleşeris.’’ diýip belläp geçýär.
Göwher AMANÝAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler