Halkara roud-şouwyň başlamagyna 1 aý galdy

26-27-nji aprelde Dubaýda geçiriljek Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şouwyň öz işine başlamagyna bir aýdan gowrak wagt galdy. Häzirki wagtda bu möhüm pudaklaýyn foruma taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär.

Halkara roud-şouwyň guramaçylarynyň habar bermegine görä, nebitgaz toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bu foruma hemaýatkär bolmak meýillerini eýýämden tassykladylar.

Çäräniň altyn hemaýatkäri «Mitro International» we «International Roadshow» ýaly kompaniýalary bolup durýar. «Petronas» kompaniýasy bolsa roud-şouwyň bürünç hemaýatkäri bolar.

Forumda çykyşlaryny tassyklan spikerleriň arasynda birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň top menejerleri hem bar. Olaryň hatarynda: Ali Raşid Al Jarwan — «Dragon Oil»-yň baş direktory; Jasper Peýs – strategiýa we biznes boýunça wise-prezident, «ADNOC»; Çen Huaýlun – Baş direktor, Türkmenistandaky «CNPC International»; Waleri Dýukro – «Global Gas Center»-iň ýerine ýetiriji direktory (GGC); Kler GOdar — Ýakyn Gündogar we Afrika boýunça analitika boýunça menejer, «S&P Global Commodity Insights»; Migel Brito – energetika boýunça analitik, S&P Platts we beýlekiler bar.

Maýa ÖWLÝÄGULYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok