Saglyk – ynsan üçin tapylgysyz baýlykdyr. Ol ynsanyň depesindäki altyn täje deňelýär. Berkarar döwletimizde hem jemgyýetiň we döwletiň baş baýlygy bolan ynsan saglygyny berkitmeklige, saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýä derejesine çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda hünärmenleriň bilim derejesiniň ýokary bolmagy, maddy-üpjünçilik binýadynyň täze tehnologiýalar bilen kämilleşdirilmegi, ulgamyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy hem-de hyzmatlarynyň ýokary hilli üpjün edilmegi, we dünýäniň lukmançylyk ylmynyň gazananlary bilen bilelikdäki işleriň möçberiniň artmagy Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän parasatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Aýratyn hem, ýaş nesilleriň beden taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin babatda ýurdumyzda köpçülikleýin öňüni alyş we wagyz-nesihat çäreleri amala aşyrylýar, ençeme döwrebap saglyk we sport merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Mundan başga-da, ilatyň fiziki işjeňligini artdyrmak maksady bilen sport hereketi, welosipedli ýörişler yzygiderli gurnalýar. Sport we saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de berkitmäge aýratyn ähmiýet berilmek bilen, özara netijeli maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu giň gerimli çäreler halkymyzyň saglygyny berkitmekde, döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirmekde, bu ulgamda täze üstünlikleri gazanmaklygy üpjün etmekde esasy ugurlary kesgitleýär. Munuň özi bolsa beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmäge, ýurdumyzyň esasy baýlygy bolan halkymyzyň saglygyny goramakda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýola goýulýan asylly işleriň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap hassahanalary, dynç alyş zolaklaryny, şypahanalary döwrebaplaşdyrmak bilen birlikde, ähli künjeklerde häzirki zaman saglyk, syýahatçylyk hem-de dynç alyş infrastrukturasy peýda bolýar.
Umuman, eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny berkitmäge, bu ulgamyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň durmuşa geçirilip, ýaş nesilleriň saglygyny goramak, ilatyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek ýaly asylly işleriň sakasynda bolsa peder ýoluny dowam eýleýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleriniň miwesi durandyr.
Mekan NEPESOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler