Arkadag şäheriniň kazyýeti we prokuraturasy döredildi

Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama bilen, Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň umumy işgär sanynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Arkadag şäher prokuraturasy döredildi. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmek tabşyryldy.

* * *

Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetini döretmek hakynda

Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň kazyýetleriniň umumy işgär sanynyň hem-de kazylarynyň umumy sanynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetini döretmeli.

2. Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetinde:

1) 1 kazyýetiň başlygy, 1 kazy, 1 administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazy;

2) 60 kazyýet oturdaşy bolmaly.

3. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwary.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok