Soňky ýyllarda iň köp gürleşilýän mowzuklaryň biri bolan emeli aň indi ylmyň çäklerinden geçip, gündelik durmuşdaky her bir pudaga girip başlady.
Dünýädäki ähli iri kompaniýalar tarapyndan ulanylýan emeli aň tehnologiýalary indi tehnologiki ösüş, önümçilik we programmirleme ýaly ugurlardan geçip, kazyýet zallarynda peýda bolar. Emeli aň tehnologiýasy şu ýylyň fewral aýynda ABŞ-nyň hukuk we maslahat beriş gullugynda kazyýet işinde ulanylar.
Emeli aňly robot aklawjylar kazyýet zalynda ähli maglumatlary, çykyşlary seljerer we şoňa görä netije çykarar. Robot aklawjylaryň nähili işleýändigi baradaky maglumatlar «DoNotPay» kompaniýasy tarapyndan gizlin saklanýar.
Belläp geçsek, dünýäniň köp ýurtlarynda kazyýet edaralarynda telefon ýa-da internete birikdirilen enjamlaryň ulanylmagy gadagan bolup durýar.
Ahmet SÄHETMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler