Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň sapary günlerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady» atly makalasyny çap eden «Ženmin Žibao» gazetinde Pekinde geçirilen türkmen-hytaý gepleşikleri baradaky giň göwrümli habar baş makala hökmünde ýerleşdirildi. Onda HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň: «Iki tarap hem energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegi ileri tutmalydyr. Gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň özenidir we onuň ilerledilmegi Hytaý bilen Türkmenistanyň strategik, uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär» diýen sözleri getirilýär.
Teswirler