Katarda geçirilýän dünýä çempionaty bilen baglanyşykly hakykatlar, sanlar we maglumatlar!

Mälim bolşy ýaly, Katarda 2022-nji ýyldaky «FIFA» dünýä çempionaty başlady. Dünýä çempionatynyň dowam etjek günlerinde internet iň ýokary derejede işlär we ilata şeýle-de ýurda gelen myhmanlara mugt hyzmat berer.

Katarda dünýä çempionatynyň geçiriljekdigi 2010-njy ýyldan bäri mälimdi.

Diňe 1 aý dowam etjek bu ýaryş üçin Katarda takmynan 5 million işçiniň zähmeti bilen 8 stadion, köpsanly myhmanhana we müňlerçe çäre geçirmek üçin meýdançalar guruldy.

Gurluşyk wagtynda 6500-den gowrak migrant işçi aradan çykdy.
(Migrant işçileriň näçesiniň aradan çykandygy baradaky maglumat, «The Guardian» tarapyndan Katardaky ilçihanalaryň üsti bilen alyndy!)

Bäsleşik üçin 220 milliard dollar sarp eden, emma bary-ýogy 3 million ilaty bolan Katar çykarylan çykdaýjynyň öwezini dolmak üçin syýahatçylyga bil baglady.
(Dünýäniň birnäçe döwletlerinden jahankeşdeler, myhmanlar, syýahatçylar geler we çykarylan çykdaýjylar yzyna geler diýlip pikir edildi.)

Ol hem bolmady. Käbir maglumatlara görä, Katar ýaryş başlamazdan ozal her ýurtdan gelen goldawçylara her gün 250 rial töleg tölejekdigini mälim etdi.
(Mundan başga-da, geljek bu 1600 goldawçy dürli ýurtlardan saýlanylyp, olaryň ähli çykdaýjylary ýapylmalydy. Olaryň etmeli işi hem juda ýönekeýdi. Olar ýaryş dowam edýän günlerinde ýaryş we Katar baradaky gowy habarlary we postlary sosial mediada paýlaşmalydy!)

Bu ýagdaý hem gowy netije bermedi. Birnäçe jemgyýetçilik platformalarynda «Fake Fans» (ýasama janköýerler) ady bilen habarlar, wideolar, suratlar ýüze çykyp başlady.

Katar hökümetiniň haýyşy boýunça «FIFA» ýaryşdan iki gün öň stadionlarda spirtli içgileri satmagy gadagan etdi we janköýerleriň spirtli içgi içmegine garşy ýörite çäreler görüldi.
(Mundan başga-da oýun wagty biriniň üstünden gülmek, gaty ses bilen aýdym diňlemek, paýyş sözleri aýtmak şeýle-de doňuz etini iýmek gadagan edildi!)

Açlyk, adalatsyzlyk, deňsizlik, howanyň üýtgemegi ýaly meseleleriň aktiwisti meşhur aktýor Morgan Freeman, Kataryň meşhur «YouTuber»-i Ghanim al-Muftah bilen dürli meselelere degip geçdi we janlandyrdy.

2022-nji ýyldaky «FIFA» dünýä çempionatynyň tumary bolan «Casper»-e meňzeş arwah hem jedelli meselelere  sebäp boldy.

Ronaldo we Messi-niň bilelikdäki küşt oýnap oturan suratynda hem Dünýä çempionatyna salgylanma bardy.
(Iki meşhur futbolçynyň küşt oýnap oturan suratyndaky küşt tagtasy dünýä çempionatynyň Kubogy göterilýän çemodan bolup durýar. Surata görä, iki meşhur futbolçy hem deňme-deň bolupdyr!)

Maglumatlary seljeren:
Atajan EÝÝUPOW, habarçy, žurnalist.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok