“Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda

29-njy oktýabrda türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň karary:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly adyny dakmaly:

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri Begenç Akmyradowiç Bakeýewe,

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynyň başlygy, hususy itşynas Orazmyrat Döwranowiç Orazmyradowa.

Belläp geçsek, häzirki wagtda ýurdumyzda alabaý itini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly ulgamlaýyn esasda saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýar. Şeýle hem türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungaty ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni maddy däl gymatlyklarynyň sanawyna girizmek teklip edilýar.

KAKAGELDI AKMYRADOW,
TDIM-niň HGI-niň
Halkara žurnalistikasy fakultetininiňI ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok