Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän dünýäniň iň beýik binasy bolan «Burj-Halifa» binasynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekili ýerleşdirildi. Bu ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe, doganlyk halkyň özboluşly sowgady boldy. Dünýäniň dürli künjeklerinden bu ýere gelen jahankeşdeler, ajaýyp Türkmen tugy şekillendirilen «Burj-Halifa» binasynyň öňünde surata düşdüler.
Belläp geçsek, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän «Burj-Halifa» binasy 2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda dünýäniň iň beýik binasy diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu binanyň umumy beýikligi 828 metr bolup durýar. Birleşen Arap Emirlikleri 2019-njy ýyldan bäri her ýyl ýurdumyzda dabaraly ýagdaýda bellenilýän Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli «Burj-Halifa» binasynda Türkmen tugunyň şekilini ýerleşdirip gelýär. Bu iki döwletiň arasynda däbe öwrülen dostlukly diplomatik gatnaşyklaryň has-da berkeýändiginiň nyşanydyr.
Teswirler