Ak ýollar asuda bolsun!

Altyn güýzüň gelmegi bilen daýhanlarymyz pagta ýygymyna, bugdaý ekişine girişdiler, bilim ojaklarynda bolsa täze okuw ýylyna badalga berildi. Bu bolsa ýollarymyzda awtoulaglaryň hereketiniň has artmagyna getirdi. Munuň özi Köpsanly tehnikalaryň hereketiniň sazlaşykly, howpsuz bolmagyny gazanmakda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» biraýlygyň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.

Döwletimizde ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmaklyga uly üns berlip, raýatlaryň rahatlygyny üpjün etmeklige gönükdirilen bu mesele babatda döwlet derejesinde döwrebap işler alnyp barylýar. Biraýlygyň dowamynda guralýan dürli çäreleriň, okuwlaryň we düşündiriş işleriniň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýeti bardyr. Sebäbi bu çäreler sürüjileriň hem-de pyýadalaryň, aýratyn-da, kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň ýol hereketiniň düzgünleri baradaky düşünjeleriniň artmagyna ýardam edýär.

Ildeşlerimiziň bagtyýar, eşretli durmuşymyzyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik,  il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Arzuw HOJANYÝAZOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok