Türkmen sporty ösüş ýolunda – 9 medal

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, sambo söweş sungaty boýunça Moskwada geçirilen halkara ýaryşda ildeşlerimiz medallaryň dokuzysyny (bir altyn, dört kümüş, dört hem bürünç) eýelemegi başardylar. Olar erkekleriň we zenanlaryň arasynda agram derejeleriniň 7-si boýunça gazanyldy.Sambo söweş sungatyny esaslandyryjylaryň hatyrasyna geçirilen bu bäsleşikde Dawid Awçaýan 64 kilograma çenli agram derejesinde çykyşyp edip altyn medalyň eýesi bolmagy başardy. Guwanç Begalyýew, Begenç Baltaýew, Muhammet Kössekow we Kerimberdi Döwletow dagylar üstünlikli çykyş edip kümüş medala mynasyp boldylar. Ildeşlerimizden Angelina Filippowa, Nedir Allaberdiýew, Serdar Hojamuhammedow we Bezirgen Begenjow bolsa bürünç medal gazanyp buýsanç duýgularyny döretdiler. Geçirilen halakara bäsleşik barada durup geçsek – 1980-njy ýylda Moskwanyň Energetika institutynyň fiziki dikeldiş kafedrasynyň teklibi boýunça sambo söweş sungatyny esaslandyryjylaryň biri bolan Anatoliý Arkadýewiç Harlampiýewiň hatyrasyna döredildi. Halkara bäsleşigiň ilkinjisi bolsa Moskwa şäherindäki köpugurly «Dostluk» sport zalynda 1980-nji ýylyň 10-11-nji oktýabry günlerinde geçirildi.

Ylham ÝAZYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri insitutynyñ mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok