“Nazary mehanika” dersi boýunça I Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi

Türkmenistanyň  Döwlet energetika institutynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Nazary mehanika” dersi boýunça I Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bu bäsleşik diýseň çekeleşikli we gyzgalaňly ýagdaýda geçip, onda talyp ýaşlaryň iň ezberleri, zehinlileri öňe saýlandy.

 Gatnaşanlara Nazary mehanika dersiniň esasy bölümlerinde 8 mesele berilip, bu meseleler talyplaryň çylşyrymly we adaty däl meseleleri çözmekde ýokary başarnyklaryny açyp görkezdi.

Olimpiada 16 döwletden 71 topar we 250-ä golaý talyp gatnaşdy. Biziň ýurdumyzyň Ýokary okuw mekdeplerinden bu olimpiada jemi 13 topardan 70-e golaý talyp gatnaşyp, olaryň 12-si I oruna,15-si II oruna we 17-si III orunlaryň diplomlaryna mynasyp boldular.

Geçirilen bu ders bäsleşigine Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar. Olar üstünlikli çykyş edip Bäşimowa Jennet I oruna, Daňatarow Begenç I oruna, Agajanow Kakageldi I oruna, Rejepowa Jahan  II oruna, Annalyýew Guwanç II  oruna mynasyp boldular.

Myrat GARÝAGDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok