Türkmenistanyň monumental sungatynda watansöýüjilik duýgyny wasp edýän eserler

 “Sungat” älemi  adamzadyň  kalbyna şatlyk çaýýan, ynsan ruhuna  ruh goşup, adamzadyň aň-düşünjesini, arzuwlaryny jadylaýjy ajaýyp dünýäsine gaplap alýan, ýagşy  niýetlere  atarýan äpet  täsirli güýçdir. Şol “hadysa” ýaly güýjüň biri hem şekillendiriş sungatydyr. Umumy şekillendiriş sungatynyň taryhynda ýüze çykan ugurlary belli bir wezipe boýunça işleýändir. Döwletiň  içerki-daşarky syýasatyny monumentalistikada “Garaşsyzlyk binasy” hem-de “Bitaraplyk binasy” ady bilen tanalýan ýadygärlik toplumlary aýan edip görkezýärler. Türkmenistanyň taryhy “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy bilen bir hatarda açylan muzeý özünde jemleýär.

Häzirkizaman  şekillendiriş sungatynda öňde goýulýan wezipeleriň gerimi giňeýär. Halkyň “ruhy galkynşy” şekillendiriş sungatynda has-da aýan bolup şöhlelenýär. Türkmenistanyň gadymy taryhy sahypalaryndan başlap tä “Halkyň Arkadagly zamanasynyň”  bagtyýarlygyny wasp edýän eserleri  girýär. Olar milli pelsepeçiliginiň ugry boýunça özgerýär. Türkmeniň gadymy rowaýatlary, şöhratly taryhy, beýik şahsyýetleriň edermenligi wasp edilýär, milli däp-dessurlaryň sahnalary görkezilýär. Taryhy eserleriň taslamasynda türkmen soltanlaryň, hanlaryň, halk gahrymanlaryň watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, olaryň akyl-paýhasy wasp edilýär, ýagny türkmen taryhynyň wajyp, şöhratly sahypalary şöhlelenýär. Şekillendiriş sungatynyň kömegi bilen türkmen halkynyň milli  gymmatlyklary şöhratlandyrylyp, dünýä ýaýbaňlandyrylýar.

Esasy bellemeli  zatlaryň  biri hem hakykatyň janly  keşbiniň düzüminde gadymy  çeperçilik däplerini gaýtadan işläp öz  döredijiliginde synamakdyr. Bu ugurda halypa suratkeşler  we  täze  nesil  suratkeşler önjeýli işleýärler we dürli-dürli žanrlarda eserleri  döredip  tomoşaça  ýetirilýär. Bu ýerde şäher gurluşynyň düzümine girýän monumentalistika hem bellenýär. Türkmen halkynyň ruhy we taryhy gymmatlyklaryna, şekillendiriş sungatyna,  milli senetkärliginiň  ösüp-özgermegine  uly  ýardam berilýär. Mysal edip, Birleşen Milletler Guramasynyň ylym-bilim we  medeniýet meseleleri  boýunça  guramasy ÝUNESKO  bilen alynyp barylýan işler medeni  gymmatlyklaryň  dünýä  derejesinde aýratyn ähmiýet   bermekligi   bilen bellenýär. Şol sanda  ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň  dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz  çalmak we  bagşyçylyk sungatyny  ÝUNESKO-nyň Adamzadyň  maddy  däl medeni  mirasynyň  medeni  mirasynyň  sanawuna girizilendigi,  başymyzy  göge  ýetirdi. Bu sungatyň çeper beýanyny “Medeniýet” toplumynyň suw çuwdüriminde görýäris. 

Türkmenistanda aprel aýnyň içinde uly dabara bilen geçirilýän “Türkmen bedewiniň güni” milli gymmatlyklaryň naýbaşysyny, ýagny tebigatdan ýüze çykan sungaty dünýewi derejede şöhratlandyrýar. Watanymyzyň ähli künjeklerinde  dürli häsiýetde bäsleşikli çäreler ýaýbaňlandyrylýar, şol sanda bu gözel jandaryň çeper keşbi wasp edilip  döredilýär. Onuň nusgawy  ajaýyp keşbini ak mermerli Aşgabadyň merkezi meýdançasyndan başlap “On at”,  “Atly ýigit”, “Atly gyz” atly eserler bilen birlikde şäheriň beýleki künjeklerinde ýerleşýän “Ganatly atlar”, “Ýanardag”, “Oguzhan ogullary bilen” suw çüwdüriminde ýa-da “Arkadag” ýaly monumental ýadygärliklerinde synlaýarys. Ady agzalan eserleriň şäheri bezemek ýany bilen bir hatarda olary synlaýan tomoşaça  ýetirýän täsiriniň ähmiýeti örän ulydyr, sebäbi  bu eserler Watana bolan söýgüni, guwanjy döredip terbiýelemäge niýetlenýär.  Türkmen şekillendiriş sungaty dürli ugurlary boýunça çylşyrymly uzak ösüş ýoluny başyndan geçirdi. Häzirkizaman kämil sungatynyň emele gelmeginde bolsa ençeme ussatlar öz goşandyny goşdylar. Şekillendiriş sungatynyň wajyp  ugurlarynyň biri hem heýkeltaraşlyk sungaty ösüş ýolunda ençeme tapgyrlary bilen sungatyň taryhyny baýlaşdyrdy. Indi  bolsa, bu sungat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň waspçysy bolup, täze-täze ynsan paýhasyna ýugrulan belent owazly eserleri  döretmegiň ugrynda  yhlasyny  gaýgyrmaýarlar.

Eziz Diýarymyzda geçirilýän sergidir-maslahatlar bilen, 2022-nji  ýylyň  “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylmagy bilen  bellenip, parahatçylyk, dost-doganlyk ýoly bilen  ýetilen bagtyýar  durmuşyň  geljekde  hem  dowamatly  boljagyna  we geljekki  özgerişe ynamy artdyrýar. Türkmen  medeniýetini, sungatyny  dünýä ýaýmakda alynyp barylýan döwlet işleriň höwri köp bolsun hem-de il-ýurt bähbitli alnyp barylýan işleri dowamly bolsun.

.

Ýazgül Ýusupowa,

TDÇA-nyň  “Amaly-haşam sungaty”
fakultetiniň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary”
kafedrasynyň uly  mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok