Saglyk ýolunda 30 kilometr aralyga ylgamak boýunça ýaryş guraldy

Ýakynda, «Agama» alpinizm kluby we türgenlerden ybarat topar Saglyk ýolunda 30 kilometr aralyga ylgamak boýunça ýaryş guradylar. Paýtagtymyz Aşgabadyň etegindäki Köpetdagyň gerşiniň üstünden geçýän 36 km uzynlykdaky betonlanan pyýada ýol – marafonçylar üçin ylgaw ýoly boldy.

Ylgaw ýaryşynda Alikper Ahmedow (“Agama” kluby) ýeňiji boldy. Mälim bolşy ýaly, Alikper Ahmedow ýurdumyzda geçirilen kubok ýaryşlarynyň ählisinde diýen ýaly baýrakly orunlary eýelemek bilen, alpinistleriň Elbrus dagynda we Şweýsariýanyň Alp daglarynda ylgamak boýunça halkara sport ýaryşlaryna, 60 we 100 kilometr aralykda marafonlara gatnaşyp, özüniň fiziki we taktiki taýýarlygyny görkezipdi.

Saglyk ýolunda gurnalan ylgaw ýaryşynda Alikper Ahmedow otuz kilometr aralygy ol üç sagat ýigrimi minutda geçdi. Ýokary sport netijesini lukmançylyk işgäri Nastýa Loskarýowa-da görkezdi – ol marafon aralygyny dört sagatda geçdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok