Magtymguly Pyragy-ýürekleriň çyragy

Baky bagtyýarlyga beslenen Ata watanymyz Türkmenistan özüniň baý medeni-mirasy bilen dünýä tanalýar. Milletimiziň altyn genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen XVIII asyryň meşhur akyldar şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ýörite internet portalyny döretmek maksat edinilýär. Bellenilişi ýaly 2024-nji ýylda geçiriljek türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şanly senesi mynasybetli birnäçe çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň üsti bilen şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän ilkinji gezek “Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny” döretmek, sanly we neşir görnüşindäki “Magtymguly Pyragy diwanyny” taýýarlamak, onuň şygyrlaryny dünýäniň dürli dillerinde terjime etmek we olaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny, kitap sergilerini, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bilşimiz ýaly Magtymguly Pyragynynyň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, ýagny, türk, rus, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edildi. Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä ýaýmak we wagyz etmegi ýola goýmak maksat edinilýär. Şu maksatlar bilen 2024-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Halkara ylmy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň ýakynlaşyp gelýän 300 ýyllygyny halkara derejesinde geçirilýän baýram etmek hakyndaky degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy hakyndaky meseläni Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürläp, halkymyzyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge, ony bütin dünýäde wagyz etmäge döredilýän şertler üçin Hormatly Prezidentimize uly hoşallyk bildirdi.

Bütin dünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymgulynyň döredijiligi ata-babalarymyz tarapynda müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasymyzyň merjenidir. Köpetdagyň eteginde gurulýan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi häzirki nesilleriň beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň baý döredijilik mirasyna uly sarpa goýýandygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüler.

Asyrlar geçse-de, öz Watanyny söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik oglunyň şygyr setirleri öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orny eýeleýär. Eziz topragymyzyň hakyky watançy ogluna, türkmenleriň ençeme nesilleriniň pikirlerini, umytlaryny we arzuw-hyýallaryny aýdyň beýan eden şahyrymyzy hormatlap, onuň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli çäreleri iň ýokary derejede gurnaljakdygyna begenjimiziň çägi ýok.

Biz hem dilçi mugallymlar hökmünde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pähim paýhasly, öwüt-ündew beriji, giň manyly, watansöýüjilik äheňdäki goşgylaryny öz öwredýän hünär dillerimize terjime edip, talyp ýaşlarymyza öz hünär dillerinde onuň döredijiligi bilen içgin tanyşmagyna goşandymyzy goşýarys.

.

Mylaýym Hudaýnazarowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň koreý dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok