ÝUNESKO halkara guramasyna agza döwletleriň tekliplerini nazara alyp, emeli aň ulgamynyň ösüşi üçin ilkinji global etik ülňüleri kabul etdi. Bu teklipler adamlary emeli aň ulgamynyň artykmaçlyklaryny ulanmaga we bu tehnologiýalar bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmaga çagyrmaga gönükdirilendir.
Bu taslama ÝUNESKO-nyň nobatdaky maslahatynda öňe sürüldi. Ýagny, ÝUNESKO bu taslamanyň üsti bilen tehnologiýa ylmynda emeli aň ulgamynyň, lukmançylyk pudagyna degişli düwnük (rak) keselini bejermeklik şeýle-de dünýäniň global meseleleriniň biri bolan açlyga garşy göreşmeklik we mätäç ýurtlara kömegiň has netijeli bolmaklygy babatda jemgyýetiň öňünde durýan çylşyrymly meseleleri çözüp boljakdygyny öňe sürýär.
ÝUNESKO agza halkara guramalar tarapyndan öňe sürülen teklipler, kompaniýalary we hökümetleri şahsy maglumatlary goramagyň netijeliligini ýokarlandyrmak barada bolup durýar.
Arslan HAÝDAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler