Ýurdumyzyň we GDA agza döwletleriniň talyplaryň arasynda rus dili boýunça bäsleşik geçirilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistandan we GDA agza döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde halkara gatnaşyklary ugrundan okaýan talyplarynyň arasynda «Rus dili – milletara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dili» diýlip atlandyrylýan bäsleşik yglan edildi. Bu bäsleşik her ýyl ýurdumyzda 18-nji fewralda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe gabatlandy.

«Rus dili – milletara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dili» diýlip atlandyrylýan bäsleşige «Halkara gatnaşyklary» hünäri boýunça bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler. Oňa gatnaşmaga FAA, okaýan ýokary okuw mekdebi we hünäri görkezilen talapnamalar 2020-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli hgi.ddkafedra@online.tm elektron poçta boýunça kabul edilýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar rus dilinde «Öňüni alyş diplomatiýasy» temasyndan esse ýazyp, öz ýurdunyň meşhur gözel ýerleri barada wideoşekiller taýýarlamaly bolarlar. Bäsleşikde dil we ýazuw başarnygy, leksikany we grammatikany bilişi, döredijilikli çemeleşmesi göz öňünde tutular.

Bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, rus dilini suwara bilýän zehinli we başarnykly talyplara diplomlar we sylaglar gowşurylar.

Bäsleşik hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek milli konsepsiýalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerine guralýar.

Arslan BAKYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok