2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda 14-nji “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumy geçiriler. Bu forum Merkezi Aziýa döwletleriniň Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, syýasy-diplomatik ugry, söwda-ykdysady, ynsanperwerlik ulgamlary sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamak ýaly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Nobatdaky forumyň çäklerinde diplomatlar MA-KR-nyň Daşary işler ministrleriniň 13-nji mejlisiniň jemleýji resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň depginini hem ara alyp maslahatlaşmagy göz öňüne tutulýar.
Onda forumyň gün tertibine laýyklykda, döwletleriň arasynda köpugurly we uzakmöhletleýin syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, işewürler toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de daşky gurşawyň goragy, gaýtadan dikeldilýän energetika, saglygy goraýyş we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine hem seredilip geçiler.
Häzirki wagtda taraplar bu foruma taýýarlyk işlerini geçirýärler. Şonuň ýaly-da biziň ýurdumyzyň wekiliýeti hem taýýarlyk işlerini görýärler. Bu forumyň ýakyn wagtda üstünlikli geçmegine garaşylýar.
.
Batyr ESENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby,
“Paýhas we parasat ” gurnagynyň agzasy.
Teswirler