Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 6-njy tapgyrynda paýtagtyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda «Ahal» «Aşgabatdan» 3:1 hasap bilen üstün çykmagy başardy.
Ilkinji goly 55-nji minutda «Aşgabat» toparynyň ýarymgoragçysy Döwran Orazalyýew garşydaş derwezä geçirdi. Soňra 68-nji minutda Arslanmyrat Amanow hasaby deňledi. 9 minutdan soň, Amanow ikinji pökgüsini geçirip, «Ahal» toparyny öňe saýlady. Ýer eýelerinden üçünji pökgini 11 metrlik jerime urgusy bilen ýarymgoragçy Elman Tagaýew tora girizdi.
Duşuşygyň 70-nji minutynda «Aşgabadyň» goragçysy Myrat Amantaganowyň 2 sany sary kart almagy bilen, topar duşuşygy 10 futbolçy bilen tamamlady.
Häzirki wagtda «Ahal» 16 utuk bilen, esasy garşydaşy «Şagadam» toparyndan üç utuk öňde barýar. «Aşgabat» bolsa 5 utuk bilen bäşinji orunda durýar.
Indiki tapgyrda «Ahal» topary «Merw» bilen, «Aşgabat» bolsa «Şagadam» topary bilen duşuşar.
«Ahal» – «Aşgabat» — 3: 1 (0:0)
Gollar: Arslanmyrat Amanow 68, 77, Elman Tagaýew 90 + 5 — Döwran Orazaliýew 55.
Nurgylyç Ýagşymyradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Teswirler