Oba hojalyk pudagynyň nobatdaky üstünligi

Güneşli Diýarymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalyk pudagy hem yzygiderli ösüşe eýe boldy. Ak bugdaýyň Watany bolan Türkmenistan döwletimizde şu ýyl gallaçylarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan hem köp däne tabşyrdylar. Bu ajaýyp netije bolsa zähmetsöýer daýhanlarymyzyň Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp sowgadydyr. Bu barada Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň bitewi ulgamyna laýyklykda, her ýyl bu pudaga köp möçberde maýa goýumlary goýulýar. Dünýäniň öňdebaryjy firmalarynyň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalary, däne hem-de pagta ýygýan kombaýnlary yzygiderli satyn alynýar.

Gadymy türkmen topragy suwarymly ekerançylygyň ilkinji mekanlarynyň biri bolupdyr. Ata-babalarymyz bol hasyl berýän bereketli toprakda ýaşamak bilen, ýeri işläp bejermegiň, suwa sarpa goýmagyň we ony tygşytly ulanmagyň nusgalyk usullaryny bize miras galdyrypdyr. Suw damjasyny altyn dänesine deňäp, dag jülgelerinden gözbaş alýan çeşmeleriň, ýaplaryňdyr akabalaryň suwuny tygşytly ulanypdyr — diýip, türkmen Lideri Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, zeý suwlaryny toplaýan «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurup, ýurdumyzda daşky gurşawa aýawly garamak boýunça möhüm işleriň amala aşyrylýandygyny bütin dünýä görkezendigimizi nygtady.

Döwletmyrat TEJENOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok