Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden ýaş aýdymçylar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler. Bu barada TDH habar berýär.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Meýlis Kerimowiç Hallyýew;
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Kiçiaga geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Mähri Çaryýewna Çaryýewa;
Balkan welaýatynyň Esenguly etrap medeniýet bölüminiň Garadegiş oba medeniýet öýüniň akkomponiatory Dörtguly Baýramgeldiýewiç Kerimow;
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Kuwwat Jepbar ogly Weýisow;
Lebap welaýatynyň Saýat etrap medeniýet merkeziniň artisti Alym Röwşenowiç Taýyrow;
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Akmyrat Hümmedow adyndaky geňeşliginiň Hojaýap oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Bägül Orazsähedowna Ataýewa.
Teswirler