Enneagram okuwynyň bir tapgyry tamamlandy

TSTP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylygynda geçirilen Enneagram boýunça başlangyç okuwynyň ilkinji tagyry tamamlandy. Onlarça diňleýjiniň gatnaşmagyna geçen okuw meýilnamasyny Enneagram bilermeni Dagdan Sözenow alyp bardy.

Bu ylym, adamyň özüni tanamaga, şeýle-de öz ukyplaryny saýgarmaga ýol görkezýär. Enneagram ylmy ynsandaky 9 görnüş mezajyň haýsysyna degişlidigini tapmaga, onuň kadaly we kadasyz ýagdaýlarda özüni alyp barşyny ýüze çykarmaga ýardam berýär.

Enneagram barada türkmen dilinde has giňişleýin maglumat dsenneagram.com saýtynda hödürlenýär. Şeýle-de bu ýerde hödülerlenen Enneagram testi arkaly saýtyň myhmanlary özlerini barlap bilerler. Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky Döwlet syýasatynyň çäklerinde, TSTP ýaşlary telekeçilige çekmek barada birnäçe işleri yzgiderli alyp barýar.

Merdan Ataýew
TSTP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň baş hünärmeni

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok