KARŞERINGI PEÝDALANMAGYŇ ÄHMIÝETI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly, oýlanşykly hem öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýokary depginli ykdysady ösüş gazanylýar. Milli Liderimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzda döwrebäp ykdysady-innowasion düzümi emele getirmek babatynda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap kärhanalar, ulag-aragatnaşyk düzüminiň desgalary işe girizilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary esaslarynda ösdürilýär, halk hojalygy toplumynyň bu ugrunyň netijeli we okgunly ösdürilmegi üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Häzirki wagtda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek esasda, emlägi bilelikde peýdalanmak ykdysadyýeti ösdürmegiň meýilleriniň biridir.

Dürli görnüşli ulag serişdesiniň sanynyň köpelmegi tükeniksiz däldir, olary peýdalanmagyň netijeliligi ýuwaş-ýuwaşdan peselýär. Ulag serişdesini bilelikde peýdalanmaklyga geçmek bu ýagdaýdan çykalga bolmagy mümkin. Şeýle hyzmatlara karşeringi degişli edip bolar – eýeçilik hukugyny bermezden (geçirmezden) awtomobilleri gysga möhletli peýdalanmaga bermek.

Ilkinji gezek karşeringiň hyzmaty barada 1948 ýylda belläp geçilýär. Hut şonda Sýurihde (Şweýsariýa) ýaşaýyş-jaý kooperatiwleriň biri öz agzalary üçin birnäçe awtomobili satyn alýar we olary gysga möhlete kärendesine berýär. Birnäçe wagtdan soň, geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan başlap, Ýewropada birnäçe täjirçilik taslamasyny işe girrizmeklige synanşylýar, ýöne awtomobile müşderileriň ýeňil we çalt elýeterligini üpjün etmek üçin tehniki we olaryň ulanylşyna gözegçilik etmeklige mümkinçiligiň ýoklugy sebäpli ähli synanşyklar şowsuz boldy. Ýöne 90-njy ýyllaryň ahyrlarynda tehnikada güýçli öňe gidişlik bolup geçdi: gorag serişdeleriniň we GPS ulgamynyň okgunly ösüşi kärendesine alnan awtomobillerini yzarlamagy üpjün etmegä mümkinçilik berdi, şeýle-de RFID kartanyň kömegi arkaly müşderilere awtoulaga çalt elýeterligi döretdi. Bu Ýewropada we ABŞ-da ýerli karşering kompanýalarynyň ýüze çykmagyna itergi berdi, olaryň birnäçesi soňy bilen milli we halkara derejesine ýetdiler.

Karşering hyzmaty awtoulagy birnäçe sagatlyk kärendesine almak isleýän müşderiler üçin niýetlenilýär. Diýmek, müşderi awtoulaga peýdalanan wagty üçin töleýär, ýagny hasaplaşyk töleginiň möçberi awtoulagyň kärendesinde näçe wagt saklanmagyna we näçe aralygy geçmegine bagly, bu örän amatly şertdir. Karşering şeýle-de awtoulaglaryň peýdalanşynyň kemelmegini höweslendirýär. Karşering gür ilatly şäherlerde öz özüni ödeýär, aýratynda megapolislerde, mysal üçin welosiped ýa-da jemgyýetçilik ulaglary ýaly serişdelerinden her gün peýdalanýanlar üçin has amatlydyr.

Karşering amatly, sebäbi müşderilerde mobil anyklamalaryň üsti bilen zerur awtoulagyny çalt saýlamak, tölegini tölemek we ulagly peýdalanyň başlamaga mümkinçiligi berýär.

Ekologiýa taýdan arassalygy babatynda, zäherleýji gazy az çykarýan we ýangyjyň harajadyny tygşytlaýjy ulgam bilen üpjün edilen (mysal üçin garyşyk modeller  Prius, Civic, Yaris compact we beýlekiler) awtoulaglaryň soňky görnüşi ulanylýar.

Karşeringde ýüze çykarylan artykmaçlyklar onuň giňden ýaýramagyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem ýol hereketiniň we gurşap alan sredanyň ýagdaýlaryny gowulandyrmaga kömek eder.

Türkmenistanyň Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak, “ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek mynasyp orny eýeleýär. Türkmenistan ata watanymyz gözümiziň alnynda ösýär, gözelleşýär, işlemek we dynç almak üçin oňaýly şertler döredilýär.

Häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabat bütin dünýäde ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän ösen şäher hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen baş şäherimizde amala aşyrylýan özgertmeler syýasaty paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam berýär. Muňa Aşgabadyň Aziýanyň «merjen şäheri» diýen belent ykrara eýe bolmagy doly şaýatlyk edýär.

«Smart sitiniň» — «akylly» şäheriň kämil nusgasy bolan bu toplumda ýaşamak, dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün etmek we innowasion mümkinçiliklerden giňden peýdalanmak bilen bagly ähli şertler göz öňünde tutulýar.

Iň owadan, iň nurana, iň tämiz Aziýanyň «merjen şäheri» — geljegiň «akylly» şäheri Aşgabatda şeýle-de, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geljekde elektromobilleriň karşering hyzmatynyň ornaşdyrylmagy ikiuçsyzdyr.

Babamyrat Taganow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok