Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda ýaşlaryň arasynda ykdysadyýet sowatlylygy boýunça biznes treningi geçirildi. Bu treninge paýtagtymyz Aşgabatda bilim alýan okuwçylar, talyp ýaşlar we ýaşaýjylar gatnaşdylar. Treningde telekeçi Säher Aşyrow ilkinji bolup çykyş etdi. Ol öz çykyşynda telekeçiligiň ilkinji basgançaklary, syrlary we döräp biljek kynçylyklary barada gürrüň berdi. Soňra çykyş etmek nobaty Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Baýmyrat Rahymowa berildi. Soňra telekeçi Ata Temirow ykdysadyýetçilik we onuň tiz öwreniş usullary barada diňleýjilere gyzykly gürrüňleri berdi.
Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan ýaşlary telekeçilige çekmek boýunça şeýle duşuşyklar we çäreler yzygiderli geçirilýär.
Teswirler