10-njy iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” Halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. Taraplar duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki özara hereketleriň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda, sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini döretmekde we giňeltmekde Türkmenistanyň işjeň orny şeýle hem “Aziýa-Ýewropa”, “Ýewropa-Ýakyn Gündogar”, hususan-da, “Lapis-Lazuli” we “Hazar deňzi-Gara deňzi” ugurlar boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen TRACECA-nyň degişli resminamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge türkmen tarapynyň taýýardygy nygtaldy.
Teswirler