«Gündogdy» hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde howa menziliniň gurluşygyny tamamlaýar. Şäheriň demirýol menzilinden we Türkmenabat – Kerki awtomobil ýolundan uzak bolmadyk aralykda telekeçileriň işläp düzen taslamasy boýunça sagatda 100 ýolagçyny üstünden geçirmek ukyby bolan terminalyň binasy gurlup, «Türkmenhowaýollary» Agentliginde ulanylýan uçarlaryň ähli kysymyny kabul edip biljek 2,7 kilometrlik uçuş-gonuş zolagy çekilipdir. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Täze howa menziliň ýolagçy terminaly ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen Kerki şäheriniň tutuş gonalga toplumy ýaly, iň ýokary dünýä standartlaryna laýyk bolar. Bu ýerde 120 adamlyk garaşylýan zaly, iki sany petek kassasy, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin otaglar, halkara aragatnaşyk nokady, goş saklanylýan bölüm, poçta, ýakymly kafeteriler, rahatlykly «СIP» zal, eneler we çagalar otagy, 30 ýerli naharhana ýolagçylaryň hyzmatynda bolar.
Şäheriň uçar meýdançasy (aeroport) toplumynyň ösen gonalga hojalygy bolar. Onuň täze uçuş-gonuş zolagy IKAO Halkara guramasynyň birinji derejesi boýunça uçuşlary üpjün edýän ýerüsti serişdeler – ýewropaly şereketleriň uçarlary gije-gündiziň dowamynda uçurmaga we kabul etmäge mümkinçilik berjek yşykly signaly, meteoroliýa, aeronawigasiýa we radiotehnika abzallary bilen enjamlaşdyrylypdyr.
Lebap welaýatynda gonalga toplumynyň gurluşygy ýurduň uly geljegi bolan sebitleriniň biriniň depginli ösüşi bilen jebis baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, merkezden uzakdaky bu baý ülkäniň ilatyna hyzmat edilişini esli gowulaşdyrmaga, onuň jahankeşdelik mümkinçiligini berkitmge, şolbir wagtyň özünde-de ýurdumyzyň raýatlyk uçarlarynyň mümkinçiligini hem halkara, hem ýurt içinde ýolagçy daşamakda giňeltmäge mümkinçilik berjek ulag merkezi dörediler.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy belleniljek ýylynda Kerkiniň täze howa menziliniň gurluşygynyň tamamlanmagy sebitiň mundan beýläk-de depginli ösmegine, hemmetarapaplaýyn peýdaly söwda-ykdysady we netijeli ynsanperwer gatnaşyklary we jahankeşdeligi işjeňleşdirmäge ýardam eder.
Soltan Babajanow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň uly mugallymy.
Teswirler