Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Türkmen diliniň” hepdeligi geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly üstünliklere beslenýär.    Hormatly Prezidentimiziň  alyp barýan toplumlaýyn, umumy göwrümli we uzak möhletleýin, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty  türkmen jemgyýetiniň ösüşini  sazlaşdyrmaga, ýaşlaryň sagdyn-arassa ruhubelent mirasdarlarymyzy ýetişdirmäge gönükdirilendir. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetinde “Türkmen diliniň” hepdeligi geçirildi. Çäräniň dowamynda okuw otaglaryny, gapy öňlerini milli äheňde bezemek, ýazyjy-şahyrlaryň ses ýazgylaryndan parçalary taýýarlamak, ýaňyltmak aýtmak, çeper okaýyş, talyplaryň hünär ugurlary bilen baglanyşykly gysgajyk gülküli sahna oýunlary, fakultetiň durmuşy bilen baglanyşykly wideoralik taýýarlamak boýunça we Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli “Türkmen dilinden iň gowy diktant ýazýan talyp” atly zehin bäsleşikleri geçirildi.

Hepdeligiň dowamynda şäherimiziň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-intertadynyň, 27-nji, 131-nji, 130-njy ýöriteleşdirilen we Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky 43-nji zehinli ýaşlar mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary bilen duşuşyklar gurnaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bereketli türkmen saçagy” atly aseriniň esasynda taýýarlanylan milli tagamlaryň sergisi we türkmen milliliginiň hem-de fakultetiň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň üstünliklerini açyp görkezýän sergi hepdelige has-da öwüşgin berdi.  Hepdeligiň ahyrynda gurnalan bäsleşikler boýunça tapawutlanan mugallymlara we talyplara Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň adyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

.

Bäşim Muhyýew,

Türkmenistanyň Tebigaty
goramak jemgyýetinin hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok