Gözel paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň öň ýanynda, Gahryman Arkadagymyz halkymyza “Ak şäherim Aşgabat” atly ajaýyp eseri sowgat berdi. Bu türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak uly sowgatdyr. Sebäbi milli Liderimiziň bu eserinde Aşgabat şäheriniň geçmişi, şu güni we geljegi içgin beýan edilýär. Täze kitabyň her sahypasy gözel paýtagtymyzyň owadan ýerleri bilen suratlandyrylan.
Milli Liderimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitaby 6 sany bölümden ybarat. Bu ajaýyp kitabyň “Göwni açygyň ýoly açyk” diýen bölüminde “Ak şäherimiziň nurana ýollary”, “Şäheriň aşagyndaky şäher”, “Suw — ähli ýerde hem ýaşaýşyň çeşmesi”, “Energiýa üpjünçiligi — ähli zadyň sakasy” atly bölümçeler, “Aşgabat — dünýä binagärliginiň merjeni” diýen bölüminde bolsa “Oňat ýaşamagyň ilkinji şerti — oňaýly, döwrebap öýler”, “Röwşen geljegiň binýady”, “Medeni hazynanyň jemlenen şäheri”, “Saglyk: ýaşaýşyň amatlylygynyň esasy şerti”, “Sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri”, “Aşgabat — halkara hyzmatdaşlyk merkezi”, “Binagärligiň täze nusgasy” atly bölümçeler bar.
Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda belleýşi ýaly, häzirki döwürde ak mermerli paýtagtymyz gülläp ösýän, dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda şäheri bezeýän ak mermerli binalaryň ençemesi guruldy. Gözel paýtagtymyzyň çägi hem barha giňelýär, Aşgabat halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezine öwrüldi.
Gülälek ÝALKANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler