10 – 25-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde ulaglaryň hereketi çäklendiriler

Häzirki wagtda günsaýyn ösýän we özgerýän paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly toýuna taýýarlyk görmek we ony dabaraly belläp geçmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada “metbugat.gov.tm” internet neşirinde bellenip geçilýär.

 Eziz diýarymyzda daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy, täze ekologik garaýyşlaryň kemala gelmegi, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagy we sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi bilen bagly yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin çäreler öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda baş şäherimizde ekologik abadançylyga kömek berýän awtoulagsyz günler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 10 – 25-nji maýy günlerinde paýtagtymyzda hereket edýän şäheriçi awtobuslaryndan, ýeňil taksi awtoulaglaryndan we ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler.

Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.  

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok