Türkmenistanyň Arbitraž kazylary bilen duşuşyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň adyl ýolbaşçylygynda  ýurdumyz  ähli pudaklarda   ösüşler gazanýar. Şolar bilen birlikde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ýurdumyzy  dünýä ýüzüne tanatmak maksady bilen ýaşlarymyzyň bilim derejesine  uly  üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň we halkara gatnaşyklarynyň ylym-bilim binýadyny kämilleşdirmek boýunça  2021-nji ýylyň  9-njy fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren maslahatynda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň  Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hukugy fakultetinde okaýan talyplary  Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazylary  bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşykda biz ýaş hukukçylar Arbitraž  kazyýetiniň iş tejribesi, Arbitraž kazyýetiniň kazylaryna bildirilýän talaplar, Arbitraž işler boýunça önümçiliginde alnyp barylmaly resminamalaýyn  işler  we  olaryň çykaran çözgütleriniň ýerine ýetirilişi barada  giňişleýin hukuk düşünjelerini aldyk. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti häzirki ösýän halkara gatnaşyklary ulgamynda  Türkmenistanyň raýatlary bilen daşary ýurt raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň arasynda ýüze çykýan ykdysady jedellerini parahatçylykly çözmekligiň oňyn serişdesi bolup çykyş edýär.  Bu babatda  biz ýaş halkara hukukçylaryň   bilim derejämiz has hem artdy.

.

Aýbölek AMANGELDIÝEWA,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň  Halkara
hukugy  fakultetiniň  III ýyl talyby.  

                                                      

                                                                                                           

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok