«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýaşlara daşary ýurt dilleri döwrebap derejede öwredilýär. Institutda bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça ýörite düzülen meýilnama esasynda işler alnyp barylýar.
Häzirki döwürde institutda dünýä dilleriniň on üçüsi, şol sanda BMG-niň resmi dilleriniň altysy boýunça dilçi hünärmenler taýýarlanylýar. 2019 — 2020-nji okuw ýylyndan başlap, türkmen dili we edebiýaty hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanyp başlandy.
Institutda okuw işlerine bolan talap örän ýokarydyr. Pedagogik hyzmatdaşlyk, döredijilikli gatnaşyklar esasynda okuwlar ýokary derejeli mugallymlar tarapyndan alnyp barylýar. Bilim ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň gatnaşmagynda okuw-seminarlary, konferensiýalar, press-konferensiýalar, halypa sapaklary, tegelek stoluň başyndaky duşuşyklar, söhbetdeşlikler, brifingler yzygiderli geçirilýär.
Geçilýän okuw işleriniň hilini gowulandyrmak üçin döredijilik gurnaklary işleýär. Ýaşlar okuwdan boş wagtlary tekstleri, kitaplary terjime edýärler. Elektron kitaphana ýaşlaryň hyzmatynda. Talyplar boş wagtlary sanly kitaphana arkaly onlaýn kitaplary okaýarlar. Ýurdumyzda we onuň çäklerinden uzaklarda neşir edilýän kitaplaryň elektron görnüşleri talyp ýaşlara elýeterli edildi. Talyplar sapakdan daşary aşagy ýazgyly daşary ýurt dillerindäki filmlere tomaşa edýärler. Ýörite niýetlenen internet otaglarynda talyplar dünýä täzeliklerinden wagtynda habarly bolýarlar we olary sapakda aýdyp berýärler. Bu işleriň ählisi bir maksada — ýaşlaryň dünýä dillerini ýokary derejede öwrenmegi üçin niýetlenendir.
Institutda hünär dillerinden başga-da goşmaça diller öwredilýär. Hereket edýän «Dil» diller merkezi dil öwrenmäge höwesli dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlary kabul edýär. Merkezde iş alyp barýan tejribeli mugallymlar daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýärler. Bu okuwlaryň möhleti dürli-dürlidir. Esasy aýratynlygy bolsa, okuwlaryň önümçilikden aýrylmazlyk şerti bilen amala aşyrylmagydyr.
Ogulnur ORAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler