Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda tassyklanylan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýanyň düzgünlerini talabalaýyk ýerine ýetirmeklik üçin zerur bolan ähli şertler we mümkinçilikler ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda döredilendir. Munuň özi bolsa, milli Liderimiziň ýaşlaryň döwrebap bilim almaklygyna gönükdirilen atalyk aladalarynyň netijesidir.
Türkmen ýaşlary häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryna erk edip, daşary ýurt dillerini has içgin öwrenmekligiň örän ýeňil usulyýetlerini özleşdirip, öwrenýän dillerini suwara bilýärler.
Häzirkizaman dünýäsinde sanly tehnologiýalaryň ösmekligi bilen daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň we öwretmekligiň usulyýeti hem ýeňilleşdi. Daşary ýurt dillerini öwrenijileriň öwrenýän dilini aňsat özleşdirmekligi üçin niýetlenilen dürli programmalar döredildi. Daşary ýurt dillerini dürli oýunlaryň üsti bilen öwredýän programmalar dili örän çalt we aňsat özleşdirmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda döwrebap sanly tehnologiýalaryň esasynda döredilýän bu mümkinçilikler bolsa, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň barha rowaçlyklara beslenip, giňden dabaralanýandygyny görkezýär.
Resul ÝAZYROW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler