Birnäçe okuw jaýlarynyň we edaralaryň gatnaşmagynda onlaýn okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň meýletinçi talyplary gatnaşdylar.

“Sagdyn nesilleri kemala getirmekde dogry we kadaly iýmitlenmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalary barada ýaşlaryň arasynda wagyz-ündew etmegiň ähmiýeti” ady bilen geçirilen bu okuw sapagyny Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary alyp bardylar. Sapagyň dowamynda mugallymlar dogry we kadaly iýmitlenmegiň adam saglygy üçin örän möhüm bolup durýandygyny, aýratyn hem talyp ýaşlaryň dogry iýmitlenmegiň kadalaryna eýermelidikleri dogrusynda ylmy maglumatlara esaslanyp çykyş etdiler.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok