“Ýaş diplomatlar” duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. “Ýaş diplomatlar” ylmy gurnagy tarapyndan guralan bu okuw sapagyna institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

 Okuw sapagyny halypa diplomat, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Sapar Berdinyýazow alyp bardy. Halypa diplomatyň özüniň iş tejribesi barada beren gyzykly gürrüňleri hem-de talyplar bilen sorag-jogap alyşmalar has-da täsirli boldy.

Okuw sapagynyň dowamynda Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň geçen taryhy ýoly hem-de häzirki watgda Gahryman Arkadagymyzyň gözel paýtagtymyz Aşgabady ösdürmek ugrundaky amala aşyrýan dünýä nusgalyk beýik işleri barada çykyş etdiler.   

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok