Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly üstünliklere beslenýär.
“Türkmenistan- Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ” ýylynda ýagny, 2021-nji ýylyň 3-nji we 4-nji martynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ýolbaşçy edarasynyň adyndan 8-nji mart-Halkara zenanlar güni mynasybetli Diýarymyzyň sungat we döredijilik işgärlerine gymmat bahaly sowgat gowşurylyş dabarasy boldy. Gymmat bahaly sowgat gowşurylyş dabarasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň, Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowanyň, “Edebiýat we sungat” gazeyiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewanyň we şäherimiziň ýaşaýjysy 90 ýaşdan geçen, 10 çagany dünýä indirip, olary ösdürip-ulaldan Hajar enäniň bolmagy bizi diýseň buýsandyrdy. Baýramçylyk dabarasynda olara çekýän gujur-gaýratly zähmeti üçin minnetdarlyk bildirilip, berk jan saglygy, maşgala abadançylygy we mundan beýläkde işde egsilmez üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw edildi.
Bize işlemäge ýaşamaga gowy durmuşy peşgeş eden Hormatly Arkadagymyza berk jan saglygyny, uzak ömür, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň we ynsanperwerliginiň dabaralanmagyna gönükdirilen beýik işlerinde ägirt uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýäris.
.
Bäşim Muhyýew,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Ekologiýa we ylym bölüminiň hünärmeni.
Teswirler