SAGLYK ABADANÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ ALTYN AÇARYDYR

Saglygy bolanyň umudy, umudy bolanyň hemme zady bardyr.

Saglyk ähli zatdan belentdedir, durmuşda saglykdan eziz hiç bir zat ýok. Saglyk – bu başymyzyň täjidir. Şonuň üçin hem saglygymyzy goramak her bir ynsanyň borjudyr. Saglyk ynsanyň iň uly baýlygydyr. «Ýaltalyk bilen saglygyny üpjün etmäge garaşýanlar, sesini durlamak üçin dymýan adam ýalydyr» diýlişi ýaly, saglygymyzyň gadyryny hassa bolmazymyzdan öň bilmelidiris. Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr. Şadyýan durmuşda bagtly ýaşamak üçin diňe saglyk gerek. Çünki, saglyk bagtyýarlygyň, abadançylygyň gözbaşydyr. Adama jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde garaýan we «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni şygar edýän Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer, sahawatly işleri günsaýyn rowaçlanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde, «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda, amala aşyrylýan işler saglyk syýasatyny dabaralandyrýar. Bu bolsa biziň her birimizde durmuşa bolan söýgini, nurana geljegimize ynamy döredýär.

Magtymguly atamyzyň «Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmasdan burun» diýip, belleýşi ýaly, sagdyn ýaşamak ilki bilen, biziň özümize bagly. Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, kämil dünýägaraýyşly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ýokary derejede ösdürmek babatda, milli Liderimiziň tagallasy bilen zerur işler alnyp barylýar. Munuň mysalynda çagalar bagyndan başlap, orta mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe dersiniň kämil derejede okadylýandygy aýratyn bellärliklidir. Kiçi we uly ýaşly raýatlaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin sport mekdepleri, stadionlar, we başga-da halkara derejesindäki sport desgalary muňa doly güwädir. Sport bilen meşgullanmak adamyň fiziki taýdan güýçli, ruhy taýdan sagdyn bolmagyna kömek edýär. Ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň ähli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler bar. Bedenterbiýe we sport ynsan durmuşyna ýaramaz täsir edýän endiklere garşy göreşmegiň ygtybarly we  möhüm  guralydyr. Fiziki işjeňlik ynsanlaryň ýaşaýşynyň dowamlylygynyň ýokarlanmagyna täsir edýän zerur şert bolmak bilen bir hatarda, zähmete ukyplylygyna, ömrüniň uzalmagyna hem täsirini ýetirýär.

Adam üçin saglykdan gymmatly zat ýok. Ýaşaýşyň hem-de gazanylýan ähli üstünlikleriň gözbaşynda saglyk durýar. ,,Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalarynyň netijesinde mähriban halkymyzyň saglygyny goramak, ýokanç keselleri düýbünden ýok etmek, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, saglygy goraýyş ulgamyny halkara derejelerine laýyklykda ösdürmek babatda bitirilýän beýik işler ähli ildeşlerimizi guwandyrýar. Il-halkyň saglygyny goramak, berkitmek üçin «Saglyk» döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, sahawatly işleri durmuşymyza ornaşdyrýan hem-de biz — saglygy goraýyş işgärlerine yhlasly işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän gahryman Arkadagymyza köp-köp alkyşlarymyzy aýdýarys! Goý, mähriban halkymyzyň saglygyny üpjün etmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi mundan hem zyýada bolsun, tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin!

Farida JORAKULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok