Türkmenistan Astrahana nobatdaky ynsanperwerlik ýüki iýberer.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanda öndürilen önümleri bermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, azyk önümlerini we harytlary Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna muzdsuz bermek tabşyryldy.
Buýrugy durmuşa geçirmek Türkmenistanyň Daşary Işler ministrine tabşyryldy.
Mundan öň, 2020-nji ýylyň maý aýynda hem Türkmenistan Russiýa ABŞ-nyň 1 million dollaryna barabar azyk we senagat önümlerini, şeýle hem dokma we gurluşyk materiallaryny iberipdi.

TDH

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok