Penşenbe güni “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleri bilen Estoniýanyň Roksnet Solutions OÜ kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Bu baradaky orient.tm internet neşiri habar berýär.
Orient.tm-nyň habar bermegine görä, kompaniýanyň wekilleri “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen, hususan-da Türkmenistanda “elektron hökümet” platformasyny döretmek meselesinde hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak barada hyzmatdaşlyga gol çekmegi teklip etdiler.
Roksnet, şeýle hem, “elektron hökümet” ulgamynda, sanly gollary hasaba almak we tassyklamak, ulgam ulanyjylaryny kesgitlemek we tassyklamak, ilat ýazuwy maglumatlar bazasy, ýuridiki şahslar we şahsyýetler üçin sanly kod ulgamy, şahsyýeti tanamak üçin şahsyýetnama ulgamy döretmek baradaky teklibi öňe sürdi.
Ogulgerek ANNAÝEWA
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy
Teswirler